Birleşen Milletler Guramasy Howpsuzlyk Geňeşinden Talybana garşy reaksiýa görkezmegini talap edýär
(last modified Sun, 15 Jan 2023 09:41:31 GMT )
Jan 15, 2023 14:41 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Howpsuzlyk Geňeşinden Talybana garşy reaksiýa görkezmegini talap edýär

BMG-nyň Owganystandaky ýörite wekili Roza Otunbaýewa Howpsuzlyk Geňeşiniň Talybanyň aýal-gyzlaryň esasy hukuklary babatdaky syýasatlaryna reaksiýa we garşylyk görkezmäge çagyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Otunbaýewa Talybanyň gyzlarynyň orta mekdepde okamagyny gadagan etmek, aýallaryň uniwersitetlere girmeginiň öňüni almak we ynsanperwerlik işlerini gadagan etmek ýaly kararlarnyň hemmesiniň esasy adam hukuklarynyň çynlakaý bozulýandygyny aýtdy.

Žurnalistler bilen duşuşygynda ol Talyban Owganystana agalyk etmeginiň başynda aýallaryň oýnaýan roly barada "gapma-garşy kepillikler" berdi diýdi.

Otunbaýewa Owgan aýal-gyzlarynyň döwlete degişli däl guramalarda ýa-da başga işlerde işlemeginiň gadagan edilmegine salgylanýar BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň bu kararlara garşy agzybirliginiň zerurdygyny aýtdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasy BAE we Ýaponiýanyň haýyşy boýunça anna güni ýerli wagt bilen Talyban hökümetiniň kararlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýapyk mejlis geçirdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary Talyban hökümetine ýüz tutan bilelikdäki beýanynda bu ýurtda ýerleşýän halkara kömek guramalarynda owgan aýal-gyzlarynyň bolmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen bu aýal kömek işgärleriniň üsti bilen bu ýurduň aýal-gyzlaryna aňsat kömek berilmegini talap etdiler.

Şeýle hem bu agzalar owgan gyzlarynyň bilim almagyna girizilen gadaganlygyň haýal etmän ýatyrylmagyny islediler.

Tags