Rus goşunynyň ok-däri ammarynda partlama boldy
Jan 15, 2023 18:37 Asia/Ashgabat
Orsýetiň günbataryndaky rus goşunynyň ok-däri ammaryndaky partlamada 3 adam öldi.
"Al Jazeera" teleýaýlymynyň habaryna görä, rus goşunynyň ok-däri ammaryndaky partlama, bu ýurduň günbataryndaky Bilgarad welaýatynda, Ukraina serhediniň golaýynda bolup geçdi.
Bu habara görä, bu partlamanyň netijesinde 3 adam ölüp, 13 adam ýaralanypdyr.
Bu waka barada has jikme-jik habar berilmedi.
Tags