Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli diýip Ýens Stoltenbergiň aýtmagy
(last modified Mon, 30 Jan 2023 17:09:23 GMT )
Jan 30, 2023 22:09 Asia/Ashgabat
  • Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli diýip Ýens Stoltenbergiň aýtmagy

NATO-nuň Baş sekretary Demirgazyk Koreýanyň artýan atom howpuna we Russiýa bilen Hytaýyň şol görnüşdäki ýaraglara eýe bolmagyna garşy ABŞ-nyň ýadro ýüzöwürdijiligini ýaran ýurtlarda-da giňeltmelidigini beýan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Stoltenberg Koreýa Respublikasyna guran saparynda paýtagt Seulda Koreý ýarym adasyndaky geosoýasy howplar boýunça barlaglar geçirýän “JHEÝ” institutynda çykyş etdi.

Ýado ýaraglary doly ýok edilýänçä NATO*nuň “ýadro ýaranlyk” hökmünde dowam etjekdigini, Russiýanyň, Hytaýyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro howplaryna garşy ABŞ we Fransiýa ýaly NATO-nuň ýaranlarynyň ýadro ýaraglaryndan el çekmeginiň has uly howplary ýüze çykarjakdygyny nygtan Stoltenberg; “ Ýadro ýaraglary doly ýok edilýänçä, esasanda Russiýa ýaly awtoritar güýçler olara eýe bolmak, mobilizlemek üçin uly maýa goýumlar goýýarka, Hytaýda görşümiz ýaly atylmaga taýýar ýaraglaryň artdyrylýarka we Demirgazyk Koreýanyň tagallalaryny görenimizde ýadro ýüzöwürdijiligiň henizem esasy borçlardan biridigine göz ýetirýäris” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary iki günlük sapar bilen Koreýa Respublikasyna guran saparynda Daşary işler ministri Park Jin bilen duşuşyp, Demirgazyk Koreýanyň Ukraina söweşinde Russiýa berýän goldawyna ünsi çekip, global derejede “arabaglanşykly howpsuzlyk” tagallalarynyň ähmiýetini nygtapdy.

Emma, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, fewral aýyndan bäri NATO-nyň Merkezi we Gündogar Ýewropadaky esgerleriniň sanyny 2,5 esse artdyrandygyny aýtdy.

Sergeý Şoýgu, Belarusly harby ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Russiýanyň günbatar serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Günbatarly ýurtlaryň, Russiýanyň ykdysadiýetini, harby mümkinçiligini we garaşsyz daşary syýasat alyp barmagyny bökdemegi maksat edinýändigini aýdan Şoýgu “Merkezi we Gündogar Ýewropada, Baltika ýurtlarynda NATO agza bolmadyk ýurtlaryň ýaragly güýçleri ornaşdyrylýar. Bolgariýada, Wengriýada, Ruminiýada we Slowakiýada köp milletli harby türgenleşikler geçirilýär. 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri esgerleriň sany 2,5 esse artdyryldy we 30 müňden geçdi. Şol san gysga möhletde has-da artyp biler” diýdi.

Şoýgu, NATO-nyň sebitdäki harby güýjüniň artmagynyň Belarusyň başda durmagynda Russiýa we hyzmatdaşlary üçin howplydygyna ünsi çekdi.

Şoýgu, Günbatarly ýurtlaryň Ukraina ýarag we harby enjam kömegini bermek we hakyna tutmak esger ugratmak bilen Ukrainadaky çaknyşygyň has-da güýçlenmegine sebäp bolýandygyny belledi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

Tags