Mar 09, 2023 16:18 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Ukrainanyň Prezidentiniň çakylygyny ret etdi

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Kewin Makkarti, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň çakylygyny ret etdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý ýurtda başdan geçirilen hadysalara şaýat bolmak maksady bilen 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Russiýanyň hüjümleriniň astynda bolan Ukraina çagyran ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Kewin Makkarti, şol ýurda berilen ýardamlar babatynda "Boş çek syýasatynyň" durmuşa geçirilip-geçirilmändigine karar bermek üçin Ukraina sapar guramagynyň hökman däldigini aýtdy. 

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Ukrainany goldaýandygyny, emma bu ýurda "Boş çek syýasat" gollanmasynyň gerek däldigini aýdan ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Kewin Makkartini ýurtda başdan geçirilýänlere şaýat bolmagy üçin Ukraina sapar guramaga çagyrypdy. 

Zelenskiý: "Kewin Makkarti Kiýewe we Ukraina hiç sapar guramandygyny pikir edýärin. Onuň Ukraina sapar guramagynyň çemeleşmesine goltgy berjekdigini pikir edýärin" diýip nygtady. 

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Kiýewiň Holosiýew etrapçasynda partlamalar boldy. Wakanyň jikme-jikligi soň beýan ediler" diýip mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Harkow welaýatynyň häkimi Oleg Sinegubow, Russiýanyň harby güýçleriniň Harkow şäherine we onuň töweregine hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Oleg Sinegubow beýanatynda: "Duşman şähere we sebite takmynan 15 aýry gezek hüjüm gurady. Tankydy infrastruktura ýene-de basyp alyjylaryň nyşanasynyň astynda" diýip belledi. 

Ukrainanyň Odessa sebitiniň häkimi Maksim Marçenko hem Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Uly göwrümli raketaly hüjümleriň netijesinde raketalar sebitiň energetika infrastrukturasyna we ýaşaýyş binalaryna degdi. Adam pidalary çekilmedi" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň ençeme sebitinde ençeme sagatlap howa hüjüm duýduryşy dowam etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Milli Atom energetika guramasy (Energoatom) resmi Telegram hasabyndan beren beýanatynda, 9-njy mart güni daňdan, ýerli wagt bilen sagat 03:53-de Zaparožýe Atom bekediniň raketa bilen nyşana alynandygyny mälim etdi. Hüjümiň netijesinde Ukrainanyň energetika ulgamy bilen ýadro desgasynyň arasyndaky soň arabaglanşygyň hem kesilendigi aýan edildi.