Mar 04, 2018 21:31 Asia/Ashgabat
  • Amerika Orsýet bilen GDA ýurtlaryň hyzmatdaşlyklaryny azaltjak bolýar

Orsýetiň daşary işler ministrligi Amerika döwletiniň Sowet-den garaşsyzlygyny alan ýurtlaryň Moskwa bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny azaltmak ugurda tagalla edýänligini yglan etdi.

Amerika döwleti merkezi Aziýa ýurtlaryň Moskwa bilen edýän arkadaşlyklaryny kemeltmek ugurda tagalla edýändir diýip Orsýetiň daşary işler ministrligi habar berdi.

Orsýetiň daşary işler ministrligi Amerikaly güýçleriň merkezi serkerdeliginiň başlygy Žosef Wellteliň aýdan gürrüňlerini ýazgaryp onuň aýtýan gürrüňleri Waşingtonyň Moskwa garşy duşmançylygynyň çuňlygyny alamatlandyrýar diýip nygtady.

merkezi Aziýa ýurtlar ykdysady we howpsuzlyk meselelerinde henizem Orsýete garaşlydyrlar we Ýewraziýanyň döredilmeginden maksat hem merkezi Aziýa ýurtlaryna Moskwanyň aralaşyp bilmegine şert döretmekdir diýip Amerikaly güýçleriň merkezi serkerdeliginiň başlygy Žosef Welltel aýdandyr.

Tags