Russiýanyň prezidentiniň Krym ýarym adasyna gelmegi
(last modified Sat, 18 Mar 2023 15:10:09 GMT )
Mar 18, 2023 20:10 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň prezidentiniň Krym ýarym adasyna gelmegi

Rus habar çeşmeleri bu ýurduň prezidentiniň Krym ýarym adasyna gelendigini habar berdiler.

Isna habar gullugynyň beren habaryna görä, Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin" şu gün Krym ýarym adasynyň Russiýa birikdirilmeginiň dokuz ýyllygy mynasybetli bu sebite girdi.

Krym ýarym adasy 2014-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen referendumdan soň Ukrainadan bölünip Russiýa goşuldy we 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukrainada söweş başlanaly bäri, ukrain güýçleri tarapyndan birnäçe gezek hüjüm edildi.

Krym ýarym adasyndan soň, 2022-nji ýylda Ukrainanyň beýleki dört sebiti bolan Donbassyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk şeýle hem Herson we Zaporožia sebitleri hem ýaşaýjylarynyň aýgytly sesleri bilen Russiýa birikdirildi.