Russiýa we Hytaý dialog çagyryşyny berdiler
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň Russiýa guran saparynda, iki ýurduň liderleri Ukraina krizisinde çaknyşyklaryň bes edilmegi we meseläniň dialog arkaly çözülmegi barada çagyryş berdiler
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen rus kärdeşi Wladimir Putiniň geçiren duşuşygyndan soň, iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk babatynda umumy jarnama çap edildi.
"Täze döwürde giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk utgaşyklygyny çuňlaşdyrmak we Ukraina krizisiniň gepleşikler arkaly çözülmegi" atly jarnamada, taraplar meseläniň çözüwi üçin iň gowy ýoluň dialogdygy belläp, dartgynlygy artdyrjak, çaknyşyklary uzadyp krizisiň gözegçilikden çykmagyna sebäp boljak ädimlerden uzak durmagyň zerurdygy beýan edildi.
Liderler umumy jarnamada ABŞ bilen Günbatr ýurtlaryň krizisdäki çemeleşmesini tankyt edip: "Taraplar islendik bir ýurduň ýa-da ýurtlar toparynyň, beýleki ýurtlaryň kanuny howpsuzlyk bähbitlerine zeper ýetirip, harby, syýasy we beýleki ugurlarda artykmaçlyk gazanmagyna garşydyr" diýip belledi.
Rus tarapynyň parahatçylyk gepleşiklerine iň gysga wagtda gaýdyp gelmek baradaky wada bolan baglylygy bellenip, Hytaýyň Ukraina krizisiniň syýasy we diplomatik çözgüt üçin konstruktiw rol eýelemek baradaky ygtyýaryny we bu babatdaky tekliplerini takdyr edýändigi habar berildi.
Beýleki tarapdan rus lider Wladimir Putin, jarnama gol çekilmeginden soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etmegi babatynda has anyk bir çemeleşmäni beýan etdi.
Hytaýyň orta atan parahatçylyk meýilnamasyndaky ugurlaryň aglabasynyň, Russiýanyň çemeleşmesi bilen sazlaşyklydygyny aýdan Putin: "Teklipleriň Günbatar bilen Kiýew taýar bolan mahaly parahatçylykly bir çözgüt üçin esas alynyp bilinjekdigini pikir edýäris. Emma häzirki wagta çenli olaryň muňa taýardygyny görmedik" diýip nygtady.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň Moskwa gurajak saparyndan ozal Hytaýyň "Halkyň gündeligi" gazedi üçin makala ýazdy.
Putin ikitaraplaýyn häsýetdäki söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagynyň paýynyň artdyrylmagy we gatnaşyklaryň has hem özbaşdak ýagdaýa gelmeginiň ähmiýetlidigini beýan etdi.
Wladimir Putin gegemoniýany öňe sürýän we dünýä sazlaşygyny bozýan käbir ýurtlaryň tersine Russiýanyň we Hytaýyň hakyky ýagdaýda köprüler gurýandygyny belläp, umumy howplara garşy göreş alyp barýandygyny beýan etdi.
Putin Russiýanyň we Hytaýyň halkara hukuga esaslanýan adalatly, köp polýarly dünýä düzgüniniň gurulmagyny dowamly häsýetde öňe sürýändigini habar berdi.
Putin: "ABŞ-nyň Russiýa we Hytaý bilen birlikde Amerikan diktaturasyna boýun bolmaýan her kimi gabamak syýasaty, has çürt-kesik we hyjuwly ýagdaýa gelýär. Halkara howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk binagärçiligi bölünýär. Russiýa gönüden howp we Hytaý strategik bäsdeş hökmünde yglan edildi" diýip nygtady.
Ukraina meselesinde Hytaýyň deňagramly çemeleşmesi sebäpli minnetdardyklaryny aýdan Putin, Ukraina bilen parahatçylyk tapgyrynyň geljeginiň, geosyýasy hakykatlar göz öňünde utulyp, çynlakaý gepleşiklere taýarlykly bolmaga baglydygyny beýan etdi.