Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Owganystana gyssagly kömek ibermek islegi
(last modified Tue, 28 Mar 2023 12:24:19 GMT )
Mar 28, 2023 17:24 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Owganystana gyssagly kömek ibermek islegi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Owganystana gyssagly kömek berilmegini isledi.

Amerikanyň iki onýyllyk basyp almagy sebäpli Owganystan agyr ykdysady krizis bilen göreşýär we Amerikanyň sanksiýalary Talybanyň häkimiýet başyna gelenden soň bu krizisi güýçlendirdi.

Owgan sesi (Awa) habar gullugynyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň müdiri, býudjet haslanmasa, Owganystandaky 9 million adamyň azyk kömeginden mahrum galjakdygyny duýdurdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň müdiri Deýwid Beasli sişenbe güni twit ýazyp, Owganystandaky millionlarça adamyň garyplyk we açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Beasli şeýle-de "Dünýä owgan halkyny görlüp-eşidilmedik krizisde ýeke goýup bilmez" -diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň soňky hasabatyna görä, 2023-nji ýylda Owganystanda 28 milliondan gowrak adam ynsanperwer kömegini almalydyr.

Tags