Günbataryň sanksiýalarynyň Russiýanyň ykdysadyýetine bolup biljek ýaramaz täsiri barada Putiniň duýduryşy
Russiýanyň prezidenti, Günbataryň Ukrainadaky söweş bahanasy bilen Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň Russiýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurdy.
Ukrainadaky söweşiň başlamagy bilen (2022-nji ýylyň 24-nji fewraly) ABŞ we onuň ýaranlary Russiýa garşy dürli pudaklarda giň sanksiýalar girizdiler.
Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin" şu gün hökümet agzalary bilen duşuşygynda Günbatar ýurtlarynyň Ukrainadaky söweş bahanasy bilen Russiýa garşy bikanun sanksiýalary geljekde Russiýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edip biler, şonuň üçin içerki isleg meseleleriniň üstünde işlemeli diýip nygtady.
Bu ýygnakda Russiýanyň prezidenti ýurduň ykdysady ösüşinden kanagatlanýandygyny aýtdy we dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösüşiň zerurdygyny aýtdy.