Apr 01, 2023 15:12 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň ýadro ýaraglaryny milli serhetlerden daşarda ýerleşdirmezligi baradaky haýyşy

Howpsuzlyk Geňeşiniň Belarusda ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly mejlisinde Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary Ging Şuang şeýle ýaraglary milli serhetlerden daşarda ýaýratmazlyga çagyrdy.

"Tass" habar gullugynyň habaryna görä Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary Ging Şuang anna güni global durnuklylygy saklamak üçin ygtybarly kepillikleriň zerurdygyny aýtmak bilen Hytaý ýadro güýçleriniň eýýäm daşary ýurtlarda ýerleşdiren ýadro ýaraglaryny aýyrmagyny isleýär diýdi.

Bu hytaý diplomaty sözüniň dowamynda: "Pekiniň ýadro paýlaşmak baradaky şertnamalaryň (Amerikanyň taktiki ýadro ýaraglarynyň Ýewropada ýerleşdirilmegi barada) ýatyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary şeýle diýdi: Pekin bu ýaraglaryň doly gadagan edilmegi we ýok edilmegi üçin ýadro ýaragsyzlanmak prosesinde yzygiderli çemeleşmegiň tarapdarydyr.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Belarusda ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegi meselesi barada eden çykyşynda Moskwa Belarusda taktiki ýadro ýaraglaryny ýerleşdirip, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky borçnamalaryny bozmaýar diýdi.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýewropada birnäçe ýadro ýaragyny ýerleşdirendigine yşarat edip, Belarusdaky ýadro ýaraglary hiç haçan ulanylmaz we olar Russiýanyň gözegçiliginde bolar diýip sözlerine goşdy.

Tags