Fransiýada yslam dinine uýýanlaryň köpelmegi
(last modified Thu, 13 Apr 2023 12:47:21 GMT )
Apr 13, 2023 17:47 Asia/Ashgabat
  • Fransiýada yslam dinine uýýanlaryň köpelmegi

Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar instituty öz hasabatynda bu ýurtda yslam dinine uýýanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar instituty (INSE) hasabatynda bu ýurtda yslam dinine uýýanlaryň köpelendigini we Yslamyň Fransiýada ikinji din hökmünde öz ornuny döredendigini habar berdi.

Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar institutynyň hasabatyna görä, musulman maşgalasynda önüp-ösen çagalaryň 91% -i ene-atalarynyň dinine uýýarlar.

Ýewropa ýurtlaryň arasynda Fransiýada musulmanlaryň sany iň köp bolsa-da, bu ýurtdaky musulmanlara garşy giň çäklendirmeler girizilýändir.

2011-nji ýylda Fransiýa kanun kabul etmek bilen hijaby gadagan etdi we şondan soň Daniýa, Awstriýa, Gollandiýa we Bolgariýa ýaly beýleki Ýewropa ýurtlary hem şuňa meňzeş kanunlary kabul etdiler.