Gollandiýada geçirilen türk saýlawlary gutarandan soň gazaply çaknyşyklar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21608-gollandiýada_geçirilen_türk_saýlawlary_gutarandan_soň_gazaply_çaknyşyklar
Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde geçirilen Türkiýäniň prezident we parlament saýlawlarynda ses berişlik güýçli dawa bilen tamamlandy.
(last modified 2023-05-09T11:14:56+00:00 )
May 09, 2023 16:14 Asia/Ashgabat

Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde geçirilen Türkiýäniň prezident we parlament saýlawlarynda ses berişlik güýçli dawa bilen tamamlandy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Prezident koalisiýasyndan Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türk Halk Koalisiýasyndan Kemal Kilicdaroglunyň wekilleri we tarapdarlary, geçen duşenbe güni agşam, Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde geçirilen Türkiýäniň prezident we parlament saýlawlarynda ses berişlik tamamlanandan soň biri-biri bilen çaknyşdylar we Polisiýanyň gatyşmagy bilen tamamlandy.

Beýleki tarapdan, Gollandiýanyň Amsterdamdaky türk konsullygynyň işgärleri bu waka barada düşündiriş bermekden saklandylar.

Gollandiýadaky Gaaga, Difenter we Amsterdam şäherleri soňky günlerde türk raýatlarynyň ses berişligine şaýat boldy.

Daşary ýurtlarda Türkiýäniň prezident we parlament saýlawlarynyň ses berişligi 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde başlandy we düýn gije, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda tamamlandy.