Amerikanyň basyşlaryna garamazdan Russiýanyň Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi
(last modified Thu, 18 May 2023 13:06:34 GMT )
May 18, 2023 18:06 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň basyşlaryna garamazdan Russiýanyň Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Waşingtonyň basyşlaryna garamazdan, Moskwanyň Tähran bilen gatnaşyklaryny ösdürjekdigini aýtdy.

"Sputnik" habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow penşenbe güni metbugat ýygnagynda Amerikanyň senatory Ted Kruzyň Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy bozmak bahanasy bilen sanksiýalar girizmek baradaky teklibi baradaky soragyň jogabynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy gözleýän Moskwa bilen Tähran, Waşingtonyň basyşlaryna garamazdan, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerine üns bermek esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin yzygiderli işlerini dowam etdirerler diýdi.

Bu aralykda, Russiýa bilen Eýran düýn, çarşenbe güni Raşt-Astara demir ýol liniýasyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Eýran bilen Russiýa ikitaraplaýyn ugurlarda, esasanam ykdysady, harby we howpsuzlyk gatnaşyklarynda, şeýle hem Amerikanyň birtaraplaýynlygyna garşy durmak ýaly sebit we halkara meselelerinde strategiki bähbitleri paýlaşýarlar.

Tags