Lawrow: Russiýa Yslam dünýäsi bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýyn
Russiýanyň Daşary işler ministri bu ýurduň köp meselelerde ylalaşýan musulman ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
TASS habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün penşenbe Kazanda geçirilen "Kazan Assambleýasy: Russiýa-Yslam dünýäsi" 14-nji ykdysady sammitinde wideo çagyryşynda Russiýanyň adatça musulman ýurtlaryň aglaba köplügi bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy.
"Sergeý Lawrow" Russiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny dinler we medeniýetler arasyndaky gepleşikleri we düşünişmegi ösdürmek, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy arkaly yslamofobiýa garşy göreş hökmünde görkezdi.
"Kazan Assambleýasy: Russiýa - Yslam dünýäsi" halkara ykdysady sammiti, Russiýa Federasiýasy bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda soňky ýyllarda Kazan sammiti ady bilen geçirilen ykdysady gatnaşyklar üçin esasy platforma hasaplanýar we 2023-nji ýyldan başlap, statusynyň federal derejä çykarylmagy sebäpli Sankt-Peterburg we Wladiwostok şäherleriniň ýygnaklary ýaly Kazan Assambleýasyna üýtgedildi.
Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (OIC) agza ýurtlaryň halkara ykdysady sammiti 2009-njy ýylda ilkinji gezek Kazanda geçirildi.
Ýokardaky ýygnagyň esasy maksady, Russiýa welaýatlarynyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen söwda, ykdysady, ylmy, tehnologiki, sosial we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Russiýa Federasiýada yslam bank edaralarynyň ösmegine kömek etmekdi.