Rus resmisi: Yslam dünýäsi Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny goldamaýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21790-rus_resmisi_yslam_dünýäsi_günbataryň_moskwa_garşy_girizen_sanksiýalaryny_goldamaýar
Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary hiç bir yslam döwletiniň şu wagta çenli günbatarlylardan soň Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary girizmändigini aýtdy.
(last modified 2023-05-21T05:58:48+00:00 )
May 21, 2023 10:58 Asia/Ashgabat
  • Rus resmisi: Yslam dünýäsi Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny goldamaýar

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary hiç bir yslam döwletiniň şu wagta çenli günbatarlylardan soň Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary girizmändigini aýtdy.

Russiýanyň Wise-premýeriniň orunbasary "Marat Hosnolin" Raşatodi habar kanalyna beren interwýusynda "Russiýa-Yslam dünýäsi" halkara ykdysady sammitiniň 14-nji ýygnagyna salgylanyp, iki gün dowam eden sammitde gol çekilen şertnamalaryň sany Yslam ýurtlarynyň hiç biriniň günbatarlylardan soň Moskwa garşy sanksiýalaryny goldamaýandygyny subut edýär diýdi.

"Marat Hosnolin" şeýle-de Russiýa we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlaryndan Kazan şäherinde wekiliýetleri ýygnan "Russiýa-Yslam dünýäsi" halkara ykdysady sammitiniň ýüzlerçe ýygnak geçirendigini we 100-den gowrak söwda şertnamasyna gol çekendigini aýtdy.