Russiýanyň Ukrainanyň ok ammaryny we Ýaragly güýçleriniň bazasyny ýok etmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21844-russiýanyň_ukrainanyň_ok_ammaryny_we_Ýaragly_güýçleriniň_bazasyny_ýok_etmegi
Russiýanyň Aleksandr Sawçuk toparynyň metbugat merkezi rus söweşijileri tarapyndan Ukrainanyň ok ammarynyň we Ýaragly güýçleriniň bazasynyň ýok edilendigini habar berdi.
(last modified 2023-05-25T05:10:03+00:00 )
May 25, 2023 10:10 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Ukrainanyň ok ammaryny we Ýaragly güýçleriniň bazasyny ýok etmegi

Russiýanyň Aleksandr Sawçuk toparynyň metbugat merkezi rus söweşijileri tarapyndan Ukrainanyň ok ammarynyň we Ýaragly güýçleriniň bazasynyň ýok edilendigini habar berdi.

Russiýanyň Aleksandr Sawçuk toparynyň metbugat merkezi şu gün penşenbe beren habaryna görä, Suhoý söweşijileri Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Krasnolimansk şäherindäki 34 ok-däri we Ýaragly güýçleriniň bazasyny ýykdylar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem düýn, çarşenbe güni Russiýanyň Ukrainadaky ýörite harby operasiýalarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde soňky gije-gündizde 150 töweregi esgerini ýitirendigini yglan etdi.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Genri Kissinjer hem Ukrainanyň Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasyna (NATO) goşulmak çakylygynyň Russiýanyň Ukraina garşy harby hereketine sebäp bolan wakalaryň esasyny düzýändigini öňe sürdi.

Ukraina NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýär, emma Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň agzalarynyň bu ýurduň agzalygyny kabul etmek meselesinde biri-biri bilen köp agzalalygy bar.