Jun 14, 2023 20:23 Asia/Ashgabat
  • Fransiýanyň, Germaniýanyň we Polşanyň liderler Parižde duşuşyk geçirdiler

Geçirilen gepleşiklerden soň Fransiýanyň, Germaniýanyň we Polşanyň liderleri umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde bir ýere jemlenip, Ukrainadaky soňky ýagdaýy we Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO agza bolmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen gepleşiklerden soň liderler umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Prezident Emmanuel Makron, Ukrainanyň häzirki ýagdaýynyň özlerini Kiýewe berýän goldawyny dowam etdirmäge çagyrýandygyny belläp: "Ukrainanyň basylyp alynmajakdygy aýdyň, ýeke täk çözgüt halkara hukuga esaslanýan bir parahatçylykdyr" diýip belledi.

Makron Ukraina harby, syýasy, ykdysady bolmak bilen tapawutly ugurlar boýunça berilýän goldawyň arakesmesiz dowam etmelidigini aýdyp, Ukrainanyň ýeňişiniň bütin materik üçin parahatçylyga goşant goşjakdygyny beýan etdi. 

Duda bolsa Russiýanyň mundan soň başga bir ýurda hüjüm etmäge mümkinçiligi bolmazlygy üçin we täsir ediş zolagyny giňeltmezligi üçin rus imperializminiň öçürilmelidiginiň gerekdigini nygtady.

Duda: "Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň düzümine goşuljakdygyna şübhämiz ýok" diýip aýdyp, ýeňişiň rus harby güýçleriniň halkara hukuga görä Ukraina degişli ähli territoriýadan çykarylmagy bilen boljakdygyny habar berdi.

Şols hem Fransiýanyň, Polşanyň we Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Ýewropa üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, üç ýurduň çemeleşmesiniň açykdygyny, berk ýagdaýda Ukrainanyň ýanyndadyklaryny, zerur boldugy saýyn Ukrainanyň ýanynda bolmaga dowam etjekdiklerini mälim etdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň meýilnamasynyň şowsuzlyga duçar bolandygyna göz ýetirmegiň wagtynyň gelendigini toslan Şols: "Ýogalan ýüz müňlerçe adam, ýaralanan millionlarça adam we ondan hem has köp bosgun bilen 16 aýyň soňunda uruşy bes etmegiň wagty geldi. Wagt harby birikmeleri yzyna çekip, adalatly bir parahatçylyk barada gürleşmäge taýar bolmagyň wagty" diýip nygatdy.

 

Tags