Putin: "Russiýada Gurhana hormatsyzlyk etmek jenaýatdyr" diýdi
Wladimir Putin Russiýa Federasiýasyna degişli Dagystan Awtonom Respublikasynyň Derbent şäherinde saparda boldy
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, käbir ýurtlarda Gurhana garşy edilýän hormatsyzlygyň jenaýat hökmünde garalmaýandygyny belläp: "Biziň ýurdumyzda bolsa hem konstitutsiýa görä hem-de jenaýat kanunyna görä jenaýatdyr" diýip habar berdi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýa Federasiýasyna degişli Dagystan Awtonom Respublikasynyň Derbent şäherinde saparda boldy.
Derbent şäheriniň taryhy metjidine zyýarat eden Wladimir Putin, dagystanly musulmanlaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Musulmanlaryň Gurban baýramyny gutlan Putine Gurhan sowgat berildi.
Wladimir Putin sowgat üçin minnetdarlyk bildirip: "Gurhan musulmanlar üçin mukaddesdir we beýlekiler üçin hem mukaddes bolmalydyr. Biz başga ýurtlarda tapawutly ýagdaýda çemeleşilýändigini bilýäris. Adamlaryň dini duýgularyna hormat goýmaýarlar we onuň hem jenaýat däldigini aýdýarlar. Biziň ýurdumyzda bolsa hem konstitutsiýa görä hem-de jenaýat kanunyna görä jenaýatdyr. Biz hemişe şol tertip-düzgüne bagly bolarys" diýip belledi.
Çarşenbe güni (28-nji iýunda) , Stokgolmda "Salwan Momika" (37 ýaşy) atly bir şwesiýaly, Gurban baýramynyň ilkinji gününde Gurhanyň bir nusgasyny ýyrtyp, bu şäheriň merkezi metjidinde bu mukaddes kitaby oda berdi.Emma Salwan Momikanyň bu hereketi Şwesiýanyň hökümetiniň goldawy bilen edildi. Bu aýylganç jenaýat üçin ýaşyl yşyk Şwesiýanyň kazyýeti tarapyndan berildi. Iki hepde öň Şwesiýanyň polisiýasy Stokgolmda Mukaddes Gurhanyň oda beriljek iki sany demonstrasiýanyň boljakdygyny we polisiýanyň bu demonstrasiýalara rugsat bermegine garşydygyny aýtdy, ýöne ýokarda agzalan kazyýet polisiýanyň bu kararyny ret etdi.