Russiýa Baltika Deňizinde Türgenleşik Başlatdy
(last modified Wed, 02 Aug 2023 17:14:49 GMT )
Aug 02, 2023 22:14 Asia/Ashgabat
  • Russiýa Baltika Deňizinde Türgenleşik Başlatdy

Russiýa Baltika denizinde “Okean galkany-2023” atly harby türgenleşigiň başlandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden nerilen ýazmaça beýannamada rus deňiz flotuyň Baltika deňizinde harby türgenleşige başlandygy mälim edilýär.“Okean galkany-2023” atly türgenleşige 30-dan gowrak harby gäminiň, 20 goldaw beriji gäminiň, 30 uçaryň we 6 müň esgeriň gatnaşýandygyna üns çekilýän beýannamada; “Türgenleşigiň dowamnda Harby deňiz güýçleriniň Russiýanyň milli bähbitlerini operasional taýdan möhüm bolan sebitde goramaga taýýuarlyk bolmandygy seljeriler” diýilýär.Beýannamada türgenleşigiň haçan gutarjakdygy hakynda maglumat berilmedi.

Şeýle-de Polşa, Belarus serhedindäki esgerleriniň sanyny artdyrar we sebite harby dik uçarlar bilen birlikde goşmaça güýç ornaşdyrar.Polşanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň, serhet goňşusy Belarus meselesini ara alyp maslaşandygy nygtaldy.Beýannamada, düýn serhediň golaýynda Belarusa degişli iki dik uçaryň Polşanyň howa giňişligine girendigi bellenildi.Beýannamada, Polşa tarapyna we NATO mesele hakynda maglumat berlendigi ýatladyldy.Beýannamada, “Goranmak ministri Mariuş Blaşak, serhetdäki esgerleriň sanynyň artdyrylmagy we sebite harby dik uçarlar bilen birlikde goşmaça güýjüň ornaşdyrylmagy hakynda görkezme berdi” diýildi.Beýannamada, Belarusyň kömekçi ilçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylmagyna karar berlendigi ýatladyldy.

Emma, Ýerli metbugatyň habar bermegine görä oppozision partiýalarynyň halk deputatlarynyň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamak üçin geçiren Mejlisiň nobatdan daşary maslahatyny protest eden häkimiýet başyndaky partiýanyň halk deputatlary maslahata gatnaşmadylar.Mejlisde 2/3 köplüge eýe bolan häkimiýet başyndaky partiýanyň agzalarynyň  maslahata gatnaşmazlygy sebäpli Şwesiýanyň NATO agzalygynyň tassyklanmagy üçin geçiriljek sese goýulşy yza süýşürildi.Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto 11-nji iýulda Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamaklarynyň häzirki wagtda “diňe tehniki meseledigini” beýan edipdi.Wengriýa 28-nji iýunda Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklajak maslahatyň güýz aýlaryna süýşürilendigini habar beripdi.Finlýandiýa 4-nji aprelde NATO-nuň 31-nji agzalygyna kabul edilen bolsa, Şwesiýanyň agzalygy üçin Türkiýe we Wengriýa henize çenli adybir ýurduň NATO agzalygyny tassyklamady.Wenger ministri Siýýarto 5-nji iýulda beren beýannamasynda, Ankara bilen yzgiderli aragatnaşyk saklajakdyklaryny nygtap, Türkiýäniň Şwesiýanyň Alýansa agzalygy boýunça pozisiýasy üýtgän halatynda, Wengriýanyň haýsydyr bir ýurduň NATO agzalygyna päsgel bermejekdigini aýdypdy.Siýýarto 14-nji iýunda Wengriýanyň hökümetiniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny goldaýandygyny, emma soňky kararyň resmi Stokgolmyň ýurduna eden “kemsitmelerini” hem göz öňünde tutup, mejlise degişlidigini beýan edipdi.

 

 

 

Tags