Mar 24, 2018 17:31 Asia/Ashgabat
  • rus resmileri John Boltonyň Trampyň maslahatçysy wezipesine bellenmegi barada howatyr edýärler

Orsýetiň käbir syýasatçylary John Boltonyň Ak Tamyň milli howpsuzlyk maslahatçysy höküminde wezipä bellenmegi barada howatyrlanma bildirdiler.

Orsýetiň ýokary derejeli senatory Aleksi Peskow Twitter sahypasynda Bolton, Buş, Dik çeni we Ramsfeld Yrak urşyny goldan şahsyýetlerdendirler diýmek bilen Siriýada başar Assadyň baştutanlygyndaky döwleti ýykmak üçin terrorçylary goldan Jaohn Bolton başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmakda we uruş turuzmakda çeper we ökde ekspertdir diýip nygtady.

Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Sergeý Riýabkow hem Amerikadaky wezipä bellemek işleriň Moskwa tarapyndan dykgat bilen yzarlanýanlygyny yglan etdi. ýeri gelende aýtsak Amerikanyň prezidentiniň täze maslahatçysy John Bolton Donald Trampdan Demirgazyk Koreanyň ýadro programmasyny  ýok etmek ugurda çynlakaýrak amal etmegini isländir.

Tags