Aug 27, 2023 17:40 Asia/Ashgabat
  • Talyban DAEŞ toparynyň Owganystanda işjeňligini ret etdi

Talyban hökümetiniň metbugat sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystandaky DAEŞ terror toparynyň işjeňliginiň artmagy baradaky hasabatyny ret etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary DAEŞ terrorçylyk toparynyň Owganystandaky barlygy we işjeňligi barada alada bildirdiler.

Ava habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Talyban hökümetiniň metbugat sekretary "Zabihullah Mujahid" Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystandaky DAEŞ toparynyň işjeňliginiň artmagy baradaky hasabatyna beren beýanatynda olar şeýle esassyz propaganda bilen "basylyp ýatyrylan DAEŞ" -a batyrlyk berjek bolýarlar diýdi.

Zabihullah Mujahid şeýle-de, ýaňy-ýakynda terrorçylyga garşy iki ýokary derejeli işgäriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň wekillerine DAEŞ-yň dünýä we Owganystana abanýan howplary barada maglumat berendigini aýtmak bilen onda Owganystanda 20 terroçy toparyň bardygy, ýaragyň giňelmegi we DAEŞ-yň operasiýa mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy baradaky talap ýene bir gezek gaýtalandy diýdi.

Talyban hökümetiniň metbugat sekretary şeýle esassyz talaplary öňe sürýänleriň arasynda maglumatlaryň ýokdugyny ýa-da basylyp ýatyrylan DAEŞ-ny şeýle propaganda bilen höweslendirýändigini we sebitdäki durnuksyzlygy öjükdirýändigini aýtdy.

Tags