Sep 12, 2023 21:25 Asia/Ashgabat
  • Liwiýada Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany Artýar

Liwiýanyň gündogarynda sil apaty sebäpli diňe Derne şäherinde ýogalanlaryň sany 2 müň adamdan geçdi.

Ýurduň gündogaryndaky “hökümetiň Premýer-ministri” Osame Hammad, metbugata beren beýannamasynda, diňe Derne şäherinde ýogalanlaryň sanynyň 2 müň adamdan geçendigini nygtap, şäherdäki ýagdaýy betbagtçylyk hökmünde häsiýetlendirdi.

Sebitdäki hökümetiň İçeri işler ministri isam Abu Zeribe, Derne şäherinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde1500-den gowrak adamyň jesediniň tapylandygyny, ýitenleriň sanynyň bolsa 7 müň adama ýetendigini aýtdy.

Şäher mejlisiniň agzasy Ahmed Emdur Fajebook arkaly beren habarnamasynda, şäherde sil sebäpli iş ýerleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň suwyň aşagynda galandygyny, ýollaryň ýapylandyğyny nygtady.

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň metbugat sekretary Muhammed Hammude bolsa, Liwiýanyň soňky 40 ýylyň iň uly sil apatyny başdan geçirýändigini belledi.

Sil apaty sebäpli Milli Jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbeniň 3 günlük milli ýas yglan edendigini ýatladan Hammude, ýurtda baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladyljakdygyny nygtady.

Beýleki tarapdan Premýer-ministr Dibeýbe, sil apaty sebäpli halkara jemgyýetçiligine kömek çagyryşyny berdi.

Ýaramaz howa şertleri Liwiýanyň Bengazi, Beýda, Merj we Suse şäherlerine hem ýaramaz täsirini ýetirdi.

Emma, Marokkoda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 mün 122 adama ýetdi.

Içeri işler ministrligi, 8-nji sentýabrda ýerli wagt bilen 23.10-da bolan ýer titremesi hakynda maglumat berdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamasy Marakeşiň al-Huz etrapçasynda bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 2 müň 122, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 2 mün 421 adama ýetendigi nygtaldy.

 Ýer titremesinin başdan geçirlen sebitinde gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Beýlek tarapdan Italiýa bilen Alžir Marokko kömek bermegi teklip etdi.

Marokko bolsa Ispaniýanyň, Britaniýanyň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kömek teklibini kabul edendigini mälim etdi.

Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamadai ady agzalýan ýurtlaryň “gözleg we halas ediş toparynyň ugradylmagy” baradaky teklipleriniň kabul edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, dünýänin çar tarapyndan gelen kömek tekliplerine kanagatlanma bildirildi.


 

 

 

Tags