Lawrow: Eýran ýadro ýaragyň yzynda däl
(last modified Sun, 24 Sep 2023 07:58:00 GMT )
Sep 24, 2023 12:58 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Eýran ýadro ýaragyň yzynda däl

Russiýanyň Daşary işler ministri: Eýran ýadro ýaragyny gözlemeýär.

Halkara Atom Energiýasy Guramasy şu wagta çenli Tähranyň Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylygyna ygrarlydygyny birnäçe gezek nygtady.

Eýran Yslam Respublikasy, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna (NPT) gol çekenleriň biri hökmünde parahatçylykly maksatlar üçin ýadro tehnologiýasyna girmäge hukugynyň bardygyny hemişe yglan edýär.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirilen metbugat ýygnagynda Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýiniň fatwasyna salgylanyp Eýran munuň ýaly meýilnamanyň ýokdugyny birnäçe gezek nygtandyr diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri şeýle-de hiç kimiň dünýäde has köp ýadro ýurtlarynyň peýda bolmagyny islemeýändigini aýtdy.