ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň spikeriniň işden aýrylmagy
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň spikeri"Kewin Makkartiň" işden aýrylmagy, görlüp-eşidilmedik hadysa bolýar.
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň respublikan spikeri "Kewin Makkarti", 3-nji oktýabrda sişenbe güni radikal we aram respublikanlaryň arasyndaky raýat urşy wagtynda geçirilen ses berişlikde bu palatanyň agzalary tarapyndan işinden aýryldy.
Makkartiniň işden aýrylmagy bilen baglanyşykly möhüm mesele, bu meýilnama bilen Demokratik wekilleriň hemralygydyr we şeýlelik bilen, Demokratlar ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň jogapkärçiligine çekilmeginiň meselesi üçin Makkartiden ar aldylar. Makkartini aýyrmak baradaky teklibe garşy 210 ses berildi welin bu teklip 216 oňin ses bilen tassyklandy. Respublikan partiýanyň 8 wekili partiýa agzasynyň aýrylmagyny goldadylar. Respublikan wekili Nansi Mis, "Makkarti hiç bir partiýa wepaly däldi we işinde galsa bulam-bujarlyga sebäp bolardy" -diýdi. Ol şeýle-de Wadalaryny ýerine ýetirjek Wekiller palatasynyň dogruçyl spikerini isleýäris.
Makkarti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda Wekiller palatasynyň kärdeşleri we partiýa agzalarynyň teklibi bilen işden aýrylan ilkinji spikerdir. Ol kiber giňişliginde Ulanyjy hasabynda "X" -da, Men mundan beýläk Mejlisiň başlygyna kandidat gözlemeýärin diýdi. Geçen gyşda respublikan Makkarti saýlaw wagtynda radikal partiýa agzalarynyň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy we 15 gezek ses berlişikden soň, ol Wekiller palatasynyň başlygy bolupdy.
Makkarti jogapkärçilige çekmek karary Florida ştatynyň respublikan wekili we Respublikan partiýadaky konserwatiwleriň bir bölegine ýolbaşçylyk edýän ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump-a wepaly Matt Gatzyň teklibi bilen kabul edildi.
Makkartini işden aýyrmak baradaky ses berişlik respublikanlaryň arasynda ýüze çykan dawa-jenjeliň administrasiýany ýurduň býudjet kanunynyň ýapylmagyna getiren gününden birnäçe gün soň boldy.
Wekiller palatasynyň täze başlygynyň saýlanmagy, elbetde, olaryň arasynda respublikanlaryň köplügine bagly bolar diýlip garaşylýar, ýene-de radikal we aram respublikanlaryň arasyndaky gapma-garşylyk sahnasyna öwrüler.