Palestina tarapdarlary Russiýanyň paýtagtynda ýygnandylar
(last modified Sat, 14 Oct 2023 08:30:15 GMT )
Oct 14, 2023 13:30 Asia/Ashgabat

Palestinalylary goldaýanlar, Russiýanyň paýtagty Moskwadaky ezilen palestina halkynyň ilçihanasynyň öňünde çykyş etmek bilen Palestina goldaw berýändiklerini mälim etdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, Palestinanyň Moskwadaky ilçihanasy şu günler rus halkynyň Kuds Şerifiň azatlyk söweşijilerine duýgudaşlygynyň merkezine öwrülendir we iň soňky hereketde, Moskwa musulmanlarynyň bir topary Palestinanyň Russiýadaky ilçihanasynyň öňünde çykyş edip, palestina halkyna duýgudaşlyk bildirdiler we palestinalylary goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Ondan öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen çarşenbe güni ýurduň Energetika hepdeligi halkara forumynyň umumy ýygnagynda Palestina meselesiniň her bir musulmanyň ýüregindedigini aýtdy.

"Wladimir Putin" şeýle-de bu ýygnakda garaşsyz Palestina döwletini gurmagyň zerurdygyny aýtdy.

Düýn Musulman dini meseleler bölüminiň we Russiýanyň müftiler geňeşiniň başlygy Şeýh Rawil Aýnuddin, Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde rus Musulmanlaryň Palestinanyň ezilen halkyna goldaw berýändigini we Sionist basyp alyjy režiminiň jenaýatlaryny ýazgarýandygyny yglan etdi.

Tags