Lukaşenkonyň sionist režime we onuň ýaranlaryna Eýrana hüjüm etmek baradaky duýduryşy
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko sionist režime we onuň ýaranlaryna Eýrana hüjüm etmek barada duýduryş berdi we şeýle hereketiň üçünji jahan urşunyň başlanmagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Lukaşenko BelTA habar gullugy tarapyndan anna güni çap eden beýanynda: Üçünji jahan urşunyň ähtimallygy aradan aýrylmaýar we Günbatar Aziýadan başlap biler diýdi. Nädip? Eger (Ysraýyl we Amerika) Eýrana hüjüm etseler.
Ol şeýle-de mesele Eýranyň olaryň gaharyny getirmek ýa-da öjükdirmek däl-de, eýsem olaryň Eýrany gaharlandyrmak we öjükdirmekleridir diýdi.
Belarusyň prezidenti sözüniň dowamynda Hamas Ysraýyla garşy hüjümiň arkasynda Eýranyň bardygyny görkezýän subutnamalaryňyz barmy? Bu subutnamaňyz bar bolsa, ony stoluň üstünde goýuň diýip nygtady.
Ol şeýle-de bu meselede şu wagta çenli hiç hili subutnamanyň tapylmandygyny aýtdy.