Russiýanyň Dagystan halkynyň bu sebitde sionistleriň bolmagyna garşy nägileligi
(last modified Mon, 30 Oct 2023 08:44:10 GMT )
Oct 30, 2023 13:44 Asia/Ashgabat

Dagystanyň ýüzlerçe adamy sionistleriň palestinalylara garşy eden jenaýatynyň gaýtawulynda Tel Awiwden Mahaç Kala howa menziline uçaryň gelmegine nägilelik bildirdiler.

Eýranpress habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Dagystanyň halky Sionist režiminden bir ýolagçyny çykarmak üçin myhmanhananyň öňünde ýygnandylar.

Şeýle hem olar ýolagçylaryň Tel Awiwden Dagystana gonan uçardan düşmeginiň öňüni almak üçin Mahaçkala howa menziline hüjüm etdiler.

Tel Awiwden Dagystana uçaryň gonandygy baradaky habary eşidenlerinden soň, Dagystanyň halky "Dagystanda çaga öldürýänler üçin ýer ýok" mowzugyndaky plakatlar göterip, şäheriň Mahaçkala howa menziline hüjüm etdiler.

Bu nägilelik Mahaçkala howa menziliniň ýapylmagyna sebäp boldy.

Russiýanyň Federal awiasiýa administrasiýasy bu habary tassyklady we ýagdaýy kadaly ýagdaýa getirmäge synanyşýandygyny mälim etdi.