Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi howpy abanýar
Ýewraziýa Ösüş Bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Merkezi Aziýanyň 2028-2029-njy ýyllarda suw ýetmezçiligine duçar boljakdygyny çaklady.
Ýewraziýa Ösüş Banky Ýewraziýanyň çägindäki maýa goýum işlerine ünsi jemleýän halkara maliýe guramasydyr. Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan bu bankyň agza ýurtlarydyr.
Asewraziýa Ösüş Bankynyň hasabatyna görä, Merkezi Aziýa dünýäde gidroelektrikanyň 25% -den hem az ýaýran sebitlerinden biridir. Häzirki wagtda bu sebitde 80-den gowrak elektrik stansiýasy işleýär we umumy kuwwaty 14,000 megawat töweregi.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde işleýän iň uly taslamalar Gyrgyzystanda 1860 MWt kuwwatly “Kambarata” we Täjigistanda 3600 MWt kuwwatly “Ragun” elektrik stansiýalaryny öz içine alýar.
Şenbe güni IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ýewraziýa Ösüş Bankynyň (EDB) Dolandyryş Geňeşiniň başlygy Nikolaý Podguzow Balida (Indoneziýa) Bütindünýä gidroelektrik kongresinde Merkezi Aziýada elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň ep-esli ýokarlanandygyny aýtmak bilen bu sebitde gidroenergetika diňe bir elektrik öndürmekde däl, eýsem suwaryş maksatlary üçin derýalaryň akymyny kadalaşdyrmakda-da möhüm rol oýnaýar diýdi.
Ýewraziýa Ösüş Bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň sözlerine görä, täze elektrik stansiýalarynyň gurulmagy arassa energiýany, durnukly suw üpjünçiligini we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.