Russiýanyň Ukraina Bilen Bagly Maksatlary Üýtgemedi
(last modified Mon, 18 Dec 2023 15:05:03 GMT )
Dec 18, 2023 20:05 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Ukraina Bilen Bagly Maksatlary Üýtgemedi

Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin ýurdunyň Ukraina bilen bagly maksatlarynyn üýtgemändigini aýtdy.Putin: “Ukrainada maksatlarymyza ýetenimizden soň parahatçylyk ýola goýular” diýdi.

Putin ýurdunyň bilelikdäki tele-radio ýaýlymlaryndan berilen “Göni aragatnaşyk” we ýyllyk metbugat ýygnagy formasyndaki gepleşikde halkyň hem-de žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş hakynda durup geçen Putin; “Ukrainada maksadymyza ýetenimizden soň parahatçylyk ýola goýular. Maksadymyz üýtgemedi. Ukrainanyň faşistlerden saplanmagy, esgersizleşdirilmegi we bitarap dereje” diýdi.

Putin Russiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda bolsa; “Fransiýa bilen ýeterlik gatnaşygymyz bardy. Bilşiňiz ýaly men Fransiýa gitddim. Makron Russiýa geldi. Özara gatnaşyklarda we halkara meselelerde gatnaşyklarymyz gowudy. Fransiýa bilen gatnaşyklarymyzy dowam etdirmek isleýäris. Emma Fransiýanyň Prezidenti biziň bilen gatnaşygy kesdi. Gatnaşyklary kesen Russiýa we men däl. Makron kesdi” diýdi.

ABŞ bilen tussaglaryň çalşygy boýunça aragatnaşyk saklaýandyklaryny beýan eden Putin, bu meseledäki dialogyň ýeňil däldigini, iki tarap üçin hem ýerlikli çözgüdiň tapyljakdygyny tama edýändigini aýtdy.

Putin Ýewropa rus tebigy gazynyň akdyrylmagy hakynda-da durup geçip; “Ýewropanyň ýeterlik gaz alyp bilmezligi ýewropalylaryň meselesi. Olar bizi bu meselede jogapkär saýmaga çalyşdylar. Ol dolulygyna samsyklyk” diýdi.

Dünýäde Yslamafobiýanyň we antisemitizmiň artýandygyny aýdan Putin, Gazadaky ýagdaýyň musulman dünýäsinde nägilelik döredýändigine ünsi çekdi.

Ýurtda nyrhlaryň ýokarlamagy hakynda-da durup geçen Putin, oňa ýumurtganyň importunyň wagtynda açylmazlygynyň sebäp bolandygyny belläp; “Türkiýeden goşmaça import teklip edilýär. Türkiýe ekerançylyk bilen bilelikde ykdysady gatnaşyklarymyz gowy ösýär. Belrausdan hem import teklipleri gelýär” diýdi.Golaýda Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň aladasynyň Ukraina bolmandygyny belläp: "ABŞ-nyň esasy aladasy, hatda ukrainalylaryň janynyň hasabyna amerikalylaryň özleri boldy" diýip belledi.

Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawlary we goldaw çagyryşlarynyň üstünde durup geçdi.

ABŞ-lylaryň örän pragmatiki we maksatlarynyň özleriniň abadançylygydygyny aýdan Peskow: "Ukraina aslyna garanyňda ABŞ-nyň esasy aladalarynyň özleri bolmandygyna göz ýetirmäge mejburdyrlar. ABŞ-nyň esasy aladasy, hatda ukrainalylaryň janynyň hasabyna amerikalylaryň özleri boldy" diýip habar berdi.

Peskow ABŞ-nyň gymmat energetika çeşmelerinden Ýewropa ugradylýan gazdan we nebitden milliardlarça dollar gazanýandygyna ünsleri çekip: "Emma gynansagam Ukraina mysalynda bu ukrainalylar pida bolýar" diýip nygtady.

 

Tags