Dec 23, 2023 15:28 Asia/Ashgabat

Fransuz esgerleriniň soňky toparynyň Nigeriň paýtagty Niameýden çykmagy bilen, fransuzlaryň Nigerdäki goşuny doly tamamlandy.

Eýranpress habar gullugynyň habaryna görä, fransuz esgerleriniň soňky toparynyň gitmegi anna güni agşam, Niameýiň 110 howa bazasynda Nigeriň ýokary derejeli harby serkerdeleriniň gatnaşan dabarasynda bolup geçdi.

Fransuz goşunlarynyň Nigeriň çäginden çykarylmagy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlandy.

Harby hökümet Nigerde häkimiýete gelenden soň, bu ýurduň halky her hepde Nigeriň paýtagty Niameýde ýygnanyp demonstrasiýalary geçirmek bilen Nigerde Fransiýanyň syýasy we harby barlygynyň bes edilmegini islediler we şu gün bu taryhy ýeňiş gazanyldy.

Fransuz esgerleri Nigeriň çägini bu ýurduň harby we ýük uçary bilen hemişelik terk etdiler we bu ýurduň syýasy taryhy täze tapgyra gadam basdy.

Nigerdäki harby hökümet we bu ýurduň halky, Nigeriň territorial bitewiligini we syýasy, harby we ykdysady garaşsyzlygynyň saklanmagyny nygtadylar.

Tags