Ukraina NATO Bilen Bilelikde Ýarag Öndürýär
Bu barada Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňşiniň Başlygy Oleksiý Danilow habar berdi.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňşiniň Başlygy Oleksiý Danilow NATO bilen bilelikde ýarag önümçiliginiň başlandygyny we onuň gysga möhletde artdyrylmagyny meýilleşdirýändiklerini beýan etdi.
Danilow metbugata beren beýannamasynda; “Bilelikdäki önümçilik başlady we dowam edýär. Häzirki wagtda biziň üçin esasy zat bar bolan önümçilik mukdarynyň gysga möhletde artmagy. Aslyna garalanda dolulygyna tehniki mesele we üstünde işlenýär” diýdi.
Danilow Ukrainada öndürilen ýaraglaryň NATO-nuň standartlaryna laýyk gelýandigini nygtady.
Russiýa bilen söweşiň başlan gününden bäri ýapyk bolan howa menzilleriniň açylmagy hakynda-da durup geçen Danilow; “Raýat awiasiýasy üçin howa menzilleriniň howpsuzlygy we uçarlaryň ätiýaçlandyrylmagy ýaly käbir şertler ýerine ýetirilmeli. Howa menzilleri başga şertlerde açylmaz. Meseläni 2024-nji ýylda çözmek isleýäris” diýdi.
Emma,ÝB Geňeşi agza ýurtlaryň arasynda maslahatlaşylan Russiýa garşy 12-nji sanksiýa bukjasynyň tassyklanandygyny habar berdi.
Täze sanksiýa bukjasyna laýyklykda ÝB Russiýadan gönüden ýa-da aýlawly ýagdaýda almaz importyna, satyn alynmagyna ýa-da ugradylmagyna gadagançylyk girizildi.
Şol gadagançylyk Russiýa degişli almazlar, Russiýadan eksport edilen almazlar, Russiýanyň üstaşyr geçen almazlar we 3-nji ýurtlarda üstünde işlenen rus almazlar üçin degişli bolar.
Senagata degişli bolmadyk tebigy we sintetik almazlar bilen almaz şaý-seplerine girizilen gadagançylyk 1-nji ýanwarda güýje girer.
ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen X platformasyndan beren beýanatynda, 12-nji sanksiýa bukjasy bilen bagly ylalaşykdan hoşaldygyny beýan etdi.
Ukrainanyň ýanynda durmaga dowam etjekdiklerini aýdan fon der Lýaýen, sanksiýalardan geçmek babatynda berk çäre görendiklerini, almazlar bilen birlikde has köp önüme sanksiýa goýjakdyklaryny habar berdi. Golaýda Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin ýurdunyň Ukraina bilen bagly maksatlarynyn üýtgemändigini aýdypdy.Putin ýurdunyň bilelikdäki tele-radio ýaýlymlaryndan berilen “Göni aragatnaşyk” we ýyllyk metbugat ýygnagy formasyndaki gepleşikde halkyň hem-de žurnalistleriň soraglaryna jogap beripdi.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş hakynda durup geçen Putin; “Ukrainada maksadymyza ýetenimizden soň parahatçylyk ýola goýular. Maksadymyz üýtgemedi. Ukrainanyň faşistlerden saplanmagy, esgersizleşdirilmegi we bitarap dereje” diýdi.