Putin: Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketleri güýçlener
https://parstoday.ir/tk/news/world-i24082-putin_russiýanyň_ukrainadaky_harby_hereketleri_güýçlener
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod şäherine eden soňky hüjüminden soň, bu ýurduň prezidenti Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketleriniň hasam güýçlenjekdigini aýtdy.
(last modified 2024-01-02T05:05:34+00:00 )
Jan 02, 2024 10:05 Asia/Ashgabat
  • Putin: Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketleri güýçlener

Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod şäherine eden soňky hüjüminden soň, bu ýurduň prezidenti Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketleriniň hasam güýçlenjekdigini aýtdy.

Şenbe güni Russiýanyň Belgorod şäherine ukrain raketa hüjüminde 24 adam ölüp, 108 adam ýaralandy.

Düýn Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin" Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod şäherine eden ganly hüjümini terrorçy diýip atlandyrdy we bu ýurduň harby nyşanalara hüjüm edýändigini we mundan beýläk hem dowam etjekdigini aýtdy.

"Wladimir Putin" Russiýanyň raýat nyşanalaryna hüjüm etmeýändigini aýtdy we asuda ilata garşy her hili jenaýatyň jezasyz galmajakdygyny mälim etdi.

Bu aralykda, Russiýanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod şäherine eden soňky hüjümine jogap hökmünde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini zibil diýip atlandyrdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň edarasy hem ýakynda Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod şäherine eden ganly hüjümini gumanitar kanunlaryň bozulmagy diýip atlandyrdy.