Jan 18, 2024 14:40 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Moskwa-Tähran şertnamasy soňky tapgyrda

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky giňişleýin ylalaşyk soňky tapgyrdadyr we iki ýurduň prezidentleriniň ýakyn wagtda boljak ýygnagynda gol çekiler diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Mariýa Zaharowa" çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmak meselesiniň iki ýurduň arasyndaky giňişleýin ylalaşyga degişlidigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda duşenbe güni Russiýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon jaňyna salgylanyp şeýle ýazdy: Iki ýurduň arasyndaky giňişleýin ylalaşykda Moskwa bilen Tähranyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerine, şol sanda özygtyýarlylyga şertsiz hormat goýulmagy, territorial bitewilik we beýleki ýörelgelere ygrarlylygy beýan edilýär.

Tags