Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň Ýemene garşy hüjümleri
(last modified Wed, 24 Jan 2024 14:04:52 GMT )
Jan 24, 2024 19:04 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň Ýemene garşy hüjümleri

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Angliýa soňky iki hepdede Ýemene bäşinji gezek hüjüm etdi.

 

Ansarullah Herketiň web sahypasy ,Amerikan we Iňlis güýçleriniň Ýemeniň paýtagty Sana şäherine  we käbir welaýatlaryna howa hüjümini amala aşyrandygyny habar berdi. Sanaanyň hökümetine degişli Goranmak ministrliginiň erşat bölüminiň orunbasary Abdullah Bin Amer X sosial ulgamynda beren gürrüňlrinde Sana şäherine hüjümleriň   iň agyr hüjümler bolmagy ähtimal diýdi. Ýemeniň harby resmisi Al Jazeera-a tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Düýnki hüjümleriň Günbataryň ýurdumyza çozup başlaly bäri Sana edilen iň agyr hüjüm hasaplamak bolar diýip aýtdy.

Möhüm sorag, Amerikanyň we onuň ýaranlarynyň Ýeneme garşy hüjümleri näme üçin güýçlendi?

Bu meselede ilkinji sebäp, Gaza garşy söweşde sionist režimi dowamly goldamakdyr. Gaza garşy söweşden 110-dan gowyrak gün geçdi we Sionist režimi hüjümlerini dowam etdirýär. Käbir habarlar ABŞ bilen sionistleriň arasynda urşuň dowam etmegi baradaky pikirleriň tapawudyny görkezýän hem bolsada, Waşington bu režimi goldamagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň agzasy "Muhammet Ali al-Housi" täze hüjümiň Ýemeniň Gazany goldamagynyň öňüni almak üçin täze synanyşykdygyny aýdyp,ýöne basybalyjylar biziň reaksiýa görkezmek döwürde bolmagymyzy bilmelidirler diýendir.

Ýemene täze hüjümleriň ikinji sebäbi, Ýemeniň basyp alnan ýerlere gidýän gämilere hüjüm etmekdäki ykdysady aladalary bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň daşary işler ministri Italiýanyň jemi içerki önüminiň 40% -den gowragyny eksport arkaly alýandygyny belläp,Gyzyl deňziň howply bolmagy üçin ykdysadyýetine howp abandyryp bilmejekdigini aýtdy. Emma bu Ykdysady talaplar Ýemenlileriň basyp alnan ýerlere gitmeýän gämilere garşy hiç hili çäre görmedik ýagdaýynda öňe sürülýär. Şol sebäpli ykdysady aladalar sionist režimini Gaza garşy söweşde goldamagy dowam etdirmek üçin bahana bolup görünýär.

Üçünji sebäp, Amerikanyň dürli ýurtlary birleşdirmek bilen öz güýjüni görkezmek islegidir. Şunuň bilen baglylykda, “Waşington Post” gazetiniň hasabatynda ABŞ-nyň hökümetindäki çeşmelere salgylanyp: “ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Ýemene garşy häzirki harby operasiýany başlamak kararyna ykdysadyýet dälde, Ideologiýa  esasy itergi beriji güýç” diýilýär.  

 

Tags