Mar 08, 2024 12:42 Asia/Ashgabat
  • Pakistan: Biziň topragymyzda gaz geçirijisi gurmak üçin Amerikanyň maslahaty gerek däl

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Yslamabat bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky bilelikdäki gaz taslamasy baradaky Amerikanyň pozisiýasyna jogap höküminde Päkistan hökümetine öz çäginde gaz geçirijisini gurmak üçin üçünji ýurt bilen maslahatlaşmagyň zerurlygy ýok diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti ýakynda Pakistanyň hökümeti bilen "Pakistan-Eýran" gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikleri dowam etdirjekdigini habar berdi.

Eýran-Päkistan gaz şertnamasynda 2014-nji ýylyň ahyry bu şertnamanyň iň soňky möhleti hökmünde kesgitlenipdi. Eýran bu möhletden has öň öz borçnamasyny ýerine ýetirdi, emma Pakistan tarapy, kesgitlenen seneden on ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, Amerikanyň sanksiýalary bahanasy bilen öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin hiç hili çäre görmedi.

Pakistanda nebitiň we gazyň ýoklugyna garamazdan, Pakistana gaz geçirmek üçin iň möhüm meýilnama hökmünde Eýrandan Pakistana (Parahatçylyk turbageçirijisi) gaz üpjünçiligi taslamasy daşary ýurt güýçleriniň, şol sanda ABŞ-nyň Yslamabada basyşy sebäpli amala aşyrylmady. Şeýle-de bolsa, Pakistan bu ýurduň energiýa zerurlyklarynyň ep-esli bölegini Katardan suwuklandyrylan gaz importy ýaly dürli ýollar bilen üpjün etmek üçin köp çykdajy etdi.

IRNA-nyň beren hasabatyna görä, Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mumtaz Zahra Buluç düýn (penşenbe) Yslamabatda hepdelik metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: Päkistan hökümeti 80 km Pakistan-Eýran turbageçirijisiniň gurluşygyna başlamak kararyna geldi we bu taslama Pakistanyň topragynda gurlar.

Mumtaz Zahra, Pakistanda turbageçirijiniň gurulmagynyň Yslamabadyň Eýran bilen bilelikdäki gaz taslamasyna ygrarlydygyny görkezýändigini, şonuň üçin Yslamabadyň üçünji ýurt bilen maslahatlaşmagyň zerur däldigini aýtdy.

Tags