Russiýa genosid Ysraýyl režimi tarapyndan Palestina hukuklarynyň yzygiderli bozulmagyny ýazgardy
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary we hemişelik ilçisi Palestindäki genosid Ysraýyl režimi tarapyndan adam hukuklarynyň we halkara kanunlarynyň bozulmagyny berk ýazgardy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki günbatar ýaranlarynyň doly goldawy bilen Gaza zolagynda Ysraýylyň genosidi başlanaly bäri bäş aýdan gowrak wagt geçdi we bu döwürde Gazanyň 31 müňden gowrak adamy, olaryň köpüsi çagalar we aýallar şehit boldy we 72 müňden gowrak adam ýaralandylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary we hemişelik ilçisi Mariýa Zabolotskaýa duşenbe güni agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisindäki çykyşnda Ysraýylyň Gaza zolagynda eden jenaýatlary diýseň betbagtçylykly derejä ýetdi we Moskwa sionist režimi tarapyndan Gaza zolagynda parahat ilata garşy adam hukuklarynyň we halkara adam hukuklary kanunlarynyň aç-açan we yzygiderli bozulmagyny berk ýazgarýar diýdi.
Zabolotskaýa, Gaza zolagynda gyssagly we şertsiz ýaraşygyň döredilmegine ünsi çekip, zorlugy duruzmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Kanadanyň Daşary işler ministri "Melani Jolly" hem Gaza zolagynda hemişelik ýaraşyk döretmek arkaly zorlugyň soňlanjakdygyny aýtdy we Sionist režimi tarapyndan Palestina halkynyň dowamly agressiýasyny we rehimsiz öldürilmegini ýazgardy.
Sionist režimiň Gaza zolagyna hüjümi başlaly bäri köp adamlar we hökümetler genosid Ysraýyl režiminiň jenaýatlaryny tankytladylar we palestina halkynyň öldürilmeginiň haýal etmän bes edilmegini islediler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gaza zolagynda ot açyşlygy bes etmek baradaky karary taslamasyna üç gezek weto goýdy.