Apr 13, 2024 13:49 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň prezidentiniň Eýrana haýyşy: Ysraýyla hüjüm etme

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, aç-açan gatyşmak we Ysraýyl režimini goldamak üçin Eýran Yslam Respublikasyndan bu režimiň Siriýanyň Damaskdaky Tähran konsullygyna eden hüjümine jogap bermezligi haýyş etdi.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde / duşenbe güni Ysraýylyň söweş uçarlary raketa hüjümleri bilen Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümini nyşana aldy.

Bu çozuşyň netijesinde Eýranyň diplomatik we harby güýçleriniň ýedi agzasyny goşmak bilen on üç adam şehit boldy.

Sionist režimiň bu terrorçylykly hereketinden soň dünýäniň köp ýurtlary muny berk ýazgardylar.

Şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasynyň işgärleri sionist režimmi bu jenaýat üçin jezalandyrmaga ünsi çekdiler we bu ugurda ar alyş çäresini kesgitlediler.

Bu mesele bilen baglylykda we IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden anna güni ýerli wagt bilen Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine Sionist režimiň eden hüjümine Eýranyň berjek jogaby barada beren gürrüňlerinde bu režimi goldajakdygyny aýtmak bilen gatnaşmak baradaky beýanatlarynda Amerikanyň Ysraýylyň howpsuzlygyny üpjün etmek we ony goramaga kömek etmek meselesinde ygrarlydygyny aýtdy.

Ol şeýle-de Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümine Eýranyň jogap bermezligini isledi.

Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň prezidenti: "Gizlin maglumatlary aýan etmek islämok, ýöne garaşýaryn, bu (Eýranyň Ysraýylyň hüjümine berjek jogaby) ýakyn wagtda bolar" diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti gatyşmalarynyň dowamynda we Eýranyň goranmak güýjünden gorkýan Ysraýyl režimine göwünlik bermek üçin Eýranyň hüjüminiň şowsuz boljakdygyny toslady.

Tags