Apr 17, 2024 13:08 Asia/Ashgabat
  • Günbatar Aziýadaky dartgynlygyň güýçlenmeginiň esasy sebäbi Ysraýyldyr

Eýran Yslam Respublikasynyň sionist režime garşy ar alyş işini goldaýan Türkiýäniň prezidenti, bu režimiň ýolbaşçylaryny Günbatar Aziýadaky dartgynlygyň güýçlenmegine jogapkär ýeke-täk tarap hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ysraýylyň soňky döwürde Siriýanyň paýtagty Damaskdaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümi barada beren beýanatynda Sionist režimiň premýer-ministri "Benýamin Netanýahu" we bu režimiň beýleki baştutanlary Günbatar Aziýada bolup geçen dartgynlykda günäkärdirler diýdi.

Ärdogan şeýle-de Ysraýylyň premýer-ministrini sebit urşuny döretmekde aýyplady we Netanýahunyň häkimiýet başynda galmagy üçin Gazadaky söweşi uzaltmaga synanyşýandygyny aýtdy.

soňda Türkiýäniň prezidenti Sionist režimiň Eýranyň Siriýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümini bu režimiň dartgynlylygynyň iň soňky ýagdaýy diýip atlandyrdy we Sionist režimiň wagşy hüjümlerini duruzmak we adamzada garşy jenaýatlar üçin jeza bermek üçin Yslam dünýäsiniň tagallalaryny artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Tags