Apr 19, 2024 15:04 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň prezidenti: Ysraýyl jenaýatlaryny bes etmeli

Türkiýäniň prezidenti, Eýranyň Ysraýyla eden hüjümine nägilelik bildirýän günbatar ýurtlarynyň Tel Awiwiň Gaza zolagyndaky jenaýatlaryny bes etmegini biragyzdan aýtmalydygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režim Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri we Eýran Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdesi Aýatolla Hameneýi Tel Awiwiň hereketini Eýran Yslam Respublikasynyň çägine edilen hüjüm diýip atlandyrdy we Sionist režgimiň "jezalandyryljakdygyny" aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, düýn irden (14-nji aprel, ýekşenbe) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy basyp alnan ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu agressiw režimi jezalandyrmaga synanyşdy.

Anadoly habar gullugynyň habaryna görä; Penşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Tanzaniýaly kärdeşi bilen Ankarada bilelikdäki metbugat ýygnagynda Ysraýyla Gaza zolagyndaky wagşylygyny proýeksiýa bilen ýapmaga mümkinçilik berilmeli däldigini nygtap, asyryň iň uly gyrgynçylyklaryndan biri 195 gün bäri Gazada dowam edýär we bu gyrgynçylyklaryň öňüni almak üçin has köp tagalla edilmeli diýip aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti, şeýle hem, Gaza zolagynda gyssagly we hemişelik ýaraşygyň gazanylmagynyň we şondan soň gyssagly çäre görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags