May 25, 2024 17:20 Asia/Ashgabat
  • “Biz Ukraina Bilen Parahatçylyk Gepleşikleriniň Geçirilmegine Taýar” diýip Putiniň nygtamagy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukraina bilen parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegine taýardyklaryny mälim etdi.

Kremlden berlen beýannama görä, Belarusda saparda bolan Putin, Prezident Aleksandr Lukaşenko bilen paýtagt Minskde Garaşsyzlyk köşgünde duşuşdy.

Özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama beren Putin, iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Belarusa, rus goranyş ulgamlary bilen taktiki ýadro ýaragynyň ornaşdyrlandygyny aýdan Putin, Russiýa bilen Belarusyň strategik bolmadyk ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy bilen arabaglanşykly türgenleşik başladandygyna ünsi çekdi.

Putin “Russiýanyň howpsuzlygyna nähili uly ähmiýet berýän bolsak Belarusyň howpsuzlygyna hem edil şonuň ýaly ähmiýet berýäris” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşiklere ünsi çeken Putin, gepleşik meselelesiniň ýaňadandan gün tertibine getirlendigini belledi.

Gepleşikler bir ýurda bagly däl. Biz Belarusda we Türkiýede geçirlen gepleşiklere laýyklykda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegine taýar” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, rus harby birikmeleriň 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam etdirýän Russiýa-Ukraina urşunda eden işleri barada maglumat berildi. 

Beýanatda: "Günorta Harby toparyna degişli birikmeleriň işjeň işleriniň netijesinde Donetsk Halk Respublikasynyň Klişeewka şäherçesini azat etdi" diýip beýan edildi. 

Beýanatda Ukrainanyň goşunyna degişli 2 ok-däri ammarynyň ýok edilendigi we rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan 34 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda mundan başgada: "Harby operasiýanyň başlan gününden bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 601 uçar, 274 dikuçar, 24 müň 498 uçarmansyz howa ulagy, 523 howa goranyş raketa ulgamy, 16 müň 121 tank we sowutly ulag, 1307 köp nilli raketa ulgamy, 9 müň 740 gaubisa we minomýot bilen 21 müň 915 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berildi. 

 

Russiýa, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy bilen bagly türgenleşik geçirýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Russiýanyň Prezidentiniň görkezmesi boýunça Baş ştab tarapyndan Günorta Harby zolakda strategik bolmadyk ýadro ýaraglaryň taýarlanmagy we ulanylmagy bilen bagly türgenleşigiň birinji tapgyry başlady” diýildi.

Beýannamada, türgenleşigiň çäginde ady agzalýan zolakda iş alyp barýan harby toparlaryň “İskender” taktiki raketa ulgamy üçin zerur bolan enjamlary kesgitlenen nokada getirendigi we ulanylmagy üçin taýarlyk görjekdigi bellenildi.

Beýannamada türgenleşige gipersonik “Kinžal” raketalary bilen üpjün edilen uçarlaryň hem gatnaşjakdygy nygtaldy.

 

 

 

Tags