Russiýa: Günbatar Aziýadaky dartgynly ýagdaý Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesidir
(last modified Thu, 18 Jul 2024 06:35:39 GMT )
Jul 18, 2024 11:35 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: Günbatar Aziýadaky dartgynly ýagdaý Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesidir

Russiýanyň Daşary işler ministri Günbatar Aziýa sebitindäki dartgynly ýagdaýyň Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesidigini aýtdy.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, düýn (çarşenbe) Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Russiýanyň Daşary işler ministri "Sergeý Lawrow" Günbatar Aziýada, şol sanda Palestinde bolup geçýän wakalar barada beren gürrüňlerinde, Ysraýylyň hüjümleriniň netijesinde Gazanyň infrastrukturanyň çökmegine we keseliň ýaýramagyna şaýatlyk edýändigini aýtmak bilen Russiýa Gazada bolup geçýän wakalara, şol sanda köpçülikleýin öldürilmegine garşydygyny aýtdy.

Lawrow palestinalylara hiç hili daşary ýurt päsgelçiliksiz öz ykbalyny kesgitlemek mümkinçiliginiň berilmelidigini aýtdy.

Sebitleýin we global garşylyga garamazdan, galp we çagalary öldürýän Ysraýyl režimi 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna hüjüm edýär we bu ýagdaýda Amerika bu režimi iň uly ýarag bilen üpjün ediji ýurtdyr.

Tags