Jul 20, 2024 11:59 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: Amerikanyň Kawkaz sebitinde bolmagy konfliktiň möwjemegine esas bolup durýar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary iýul aýynyň ortalarynda Ermenistanda başlanan "Bürgüt partnýory 2024" atly ermeni-amerikan türgenleşigi barada beren gürrüňlerinde Amerikalylaryň Günorta Kawkazda bolmagy sebitdäki konflikti güýçlendirer diýdi.

Russiýa mundan öň bu türgenleşikleriň esasanam Ermenistanyň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndaky işini bes eden we bu gurama garşy köpçülikleýin hüjümleri amala aşyrýan ýagdaýynda ökünçden başga zat getirmejekdigini habar beripdi.

Russiýa şeýle hem ýaranlaryna hemişe bolşy ýaly ygrarlydygyny aýtdy.

Russiýanyň TASS habar gullugynyň habaryna görä; Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Ermenistan-ABŞ türgenleşigi barada şeýle diýdi: Bu türgenleşik, esasanam Ýerewanyň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndaky işini bes eden we bu guramany tankytlaýan ýagdaýynda gaty aladalandyryjydyr  diýdi.

Zakarowa, Günorta Kawkazda Amerikalylaryň peýda bolmagynyň gapma-garşylyk merkezlerine itergi berjek täze bölüji setirleri döredjekdigini aýtmak bilen, Günbatarlylar Ermenistany Kawkazda dürli ýollar bilen aragatnaşyk saklamaga mejbur edýärler we bularyň hemmesi Russiýa garşy bolýandyr diýip sözlerine goşdy.

Tags