Sep 06, 2024 20:04 Asia/Ashgabat
  • Putin Ukraina Bilen Gepleşiklerde Stambul Ylalaşygynyň Esas Bolmalydygyny Aýtdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gündogar ykdysady forumynda çykyş etdi.

Prezident Putin çykyşynda Ukraina bilen ýaraşyk gepleşikleri hakynda; “Ukraina bilen gepleşiklere hiç haçan garşy durmadyk. Stambul ylaşaşygyna esaslanylmaly” diýdi.

Putin Prezident R.T.Erdoganyň töwellaçylyk etmeginde 2022-nji ýylda Ukraina bilen Stambulda ylalaşyk gazanylandygyny nygtap; “Şol ylalaşyk, ters tarapa görkezme berilendigi üçin güýje girmedi. ABŞ, Ýewropa we käbir Ýewropa ýurtlaryndaky saýlamalaryň Russiýany strategik ýeňilişe sezewar etme arzuwy bardy” diýdi.

Russiýanyň Ukraina bilen gepleşiklere hiç haçan oňaýsyz garamandygyny nygtan Putin; “Emma käbir wagtlaýyn talaplara görä däl, biz Stambulda karara gelinen we gol çekilen resminamalar esasynda gepleşiklere taýýar” diýdi.

Milli howpsuzlyk guramasy tarapyndan gönükdirilen we 1-nji awgustda Ankarada geçirilen tussag çalşygy hakynda-da durup geçen Putin, Prezident Erdoganyň bu meselede möhüm pozisiýa eýeländigini nygtady.

Putin atom energiýa desgalaryna garşy hüjümleri “howply terror aksiýalary” hökmünde häsýetlendirip; “Birmeňzeş gaýtawul görkezenimizde Ýewropanyň bu böleginde nämeleriň bolup biljekdigini diňe çaklamak bilen çäkleneris” diýdi.Emma Ukrainanyň parlamentinde  geçirlen oturlyşykda ministrler kabinetiniň düzümine üýtgetme girizildi.Ukrainanyň Ankaradaky ozalky ilçisi we Daşary işler ministriniň orunbasary Andriý Sibige, Daşary işler ministri hökmünde bellendi.

Ukrainanyň parlamentinde düýn geçirlen oturlyşykda ministrler kabinetiniň düzümine üýtgetme girizildi.

Ukrainanyň Ankaradaky ozalky ilçisi we Daşary işler ministriniň orunbasary Andriý Sibige, Daşary işler ministri hökmünde bellendi.

Olga Stefanişina, Ukrainanyň Ýewropa işlerinden jogapkär Wise-premýeri we Adalat ministri hökmünde bellendi.

Olekseý Kuleba Ukrainanyň gaýtadan dikeldilmeginden jogapkär Wise-premýeri we Jemgyýetleri we sebitleri ösdürmek ministri hökmünde bellendi.

Mikola Toçitskiý Medeniýet we syýahatçylyk ministri, German Smetanin bolsa Oba hojalyk we azyk ministri hökmünde bellendi.

 Şeýle-de Ukrainanyň parlamentiniň internet saýtynda Wladimir Zelenskiýniň, Andreý Sibiganyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen bagly Döwlet baştutanynyň kararnama taslamasyny parlamente hödürländigi habar berildi.

Andriý Sibiga 2016-2021-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işläpdi.

Beýleki tarapdan ukrainaly deputat Ýaroslaw Železnýak sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň wezipeden çekilmek baradaky ýüz tutmasynyň şu gün parlamentde tassyklanandygyny habar berdi.

Parlamentiň başlygy Ruslan Stefançuk 4-nji sentýabrda beren beýannamasynda, Daşary işler ministri Kulebanyň wezipeden çekilmek baradaky ýüz tutmasyny parlamente hödürländigini mälim edipdi.

Ministr Kuleba 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan bäri Ukrainanyň Daşary işler ministri wezipesinde işleýärdi.

 

Tags