Dünýäniň dürli şäherlerinde Gazany goldaýan demonstrasiýalar
(last modified Tue, 05 Nov 2024 08:18:58 GMT )
Nov 05, 2024 13:18 Asia/Ashgabat

Dünýäniň dürli şäherlerinden adamlar Palestina we Liwan halkyny goldaýandyklaryny görkezip, ot açyşlygyň bes edilmegini islediler.

Sionist režimi Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagynda we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda Palestina goragsyz we mazlum halka garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk edip gelýändir we Ysraýylyň basyp alyjy režiminiň jenaýatlary barada halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň dymmagy palestinaly aýallaryň we çagalaryň bikanun sionist režiminiň söweş enjamy tarapyndan öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp bolandyr.

Sionist režimiň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna hüjümleri başlaly bäri 43,374 palestinaly şehit boldy we 102 261 palestinaly ýaralandy.

Şeýle hem, 23-nji sentýabrdan bäri Sionist goşuny Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy we 3000-den gowrak adamyň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Sionist režimiň jenaýatlarynyň giňelmegi we bigünä adamlaryň, çagalaryň we aýallaryň öldürilmegi global gahar-gazaba sebäp boldy.

IRIB habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheriniň ýaşaýjylary Gazada we Liwanda sionist režimiň eden jenaýatlaryny ýazgardylar.

Boston ştatyndaky Palestini goldaýanlar, şeýle hem ABŞ-nyň Waşington şäherindäki ýüzlerçe talyp Ysraýylyň Gazadaky genosidiniň bes edilmegini islediler.

Fransiýanyň paýtagty Pariž hem Palestina we Liwany goldamak boýunça uly ýörişe şaýat boldy.

"Fransuz Zähmet partiýasy" Telegram ulgamynda surat çap edip, Fransiýanyň Montpelýer şäherinden ýüzlerçe adam köçelerde demonstrasiýa geçirip, Gazada we Liwanda derrew ot açyşlygyň haýal etmän bes edilmegini talap etdi diýip ýazdy.

Tags