Türkiye yslam dünýäsiniň agzybirligini we sionist režimiň ýarag embargosyny talap etdi
(last modified Mon, 11 Nov 2024 06:48:54 GMT )
Nov 11, 2024 11:48 Asia/Ashgabat
  • Türkiye yslam dünýäsiniň agzybirligini we sionist režimiň ýarag embargosyny talap etdi

Türkiýanyň Daşary işler ministri, Sionist režimine garşy ýarag gadaganlygyny we Bütindünýä Yslam Bileleşiginiň sionist režimiň Gazada we Liwanda jenaýatçylyga garşy durmaklaryny isledi.

IRNA-nyň habaryna görä, Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ýekşenbe güni Riýadda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki ýygnagynda beren gürrüňlerinde Türkiýanyň Birleşen Milletler Guramasynda Ysraýylyň režimine ýarag iberilmegini togtatmak baradaky başlangyjy, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bilen birlikde 52 ýurduň goldawyna sebäp boldy diýdi.

Gan dökülmegi duruzmak we Günbatar Aziýada urşuň öňüni almak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi Fidan, Sionistler bilen söwdany bes etmek, Ysraýyl režiminiň genosid meselesini Halkara Kazyýetinde öňe sürmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugyna (UNRWA) goldaw bermek kampaniýasyny başlamaly diýdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adatdan daşary ýygnagy şu gün duşenbe, 11-nji noýabr, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda ýokary derejeli ýygnakda geçiriler.