Bütin dünýäde Liwany we Palestini goldaýan demonstrasiýalar
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň adamlary Palestina we Liwany goldaýandyklaryny ýene bir gezek görkezdiler.
IRIB habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Liwan we Palestina tarapdarlary Germaniýa, Gollandiýa, Gresiýa ýurtlarynda we Ramallah we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda köpçülikleýin demonstrasiýa geçirmek bilen, Liwana we palestinalylara, esasanam Gaza zolagynda goldaw bermek bilen, Ysraýyl režiminiň Liwan we Palestina halkyna garşy alyp barýan genosid söweşini ýazgardylar.
Liwany we Palestini goldaýan demonstrantlar söweşiň we sionist basyp alyjy režiminiň Gaza zolagyna we Liwana hüjümleriniň bes edilmegini islediler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen, sionist režimi 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan (1402-nji ýylyň 15 Mehr) Gaza zolagynda sionist tussaglary yzyna gaýtarmak we palestinanyň Yslam garşylyk hereketi (Hamasy) ýok etmek maksady bilen Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryna garşy weýrançylyky söweşini başlady netijede, köpçülikleýin weýrançylykdan we ölümli açlykdan başga-da, 43 müňden gowrak palestinalynyň şehit bolmagyna we 100 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Ýöne Sionist režimi bu jenaýatlaryň hemmesine garamazdan, takmynan 14 aý dowam eden söweşden soň, Hamasyň hereketini ýok etmek we sionist tussaglaryň Gaza zolagyndan gaýtarmak maksatlaryna ýetip bilmeýändigini boýun aldy.