Ýewropanyň Amerika we Palestina barada goşa hereketi
(last modified Thu, 02 Jan 2025 08:51:08 GMT )
Jan 02, 2025 13:51 Asia/Ashgabat
  • Ýewropanyň Amerika we Palestina barada goşa hereketi

Ýewropa liderleri, goşa syýasatyna laýyklykda, Gazadaky genosid barada dymmaklaryny dowam etdirmek bilen Amerikadaky awtoulag heläkçiligine gynanç hatyny iberdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, "Emmanuel Makron" we "Wolodymyr Zelenskiý", Fransiýa we Ukraina prezidentleri, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty üçin jogapkär "Kaýa Kallas", Germaniýanyň kansleri "Olaf Şultz" ýaly Ýewropa liderleri habarlar çap edip, gynanç we duýgudaşlyk bildirmek bilen ABŞ-nyň New Orlean şäherinde Täze ýyl baýramçylygynda bolup geçen ganly awtoulag hüjümini ýazgardylar.

Amerikaly weteranyň öz watandaşlaryna eden awtoulag hüjümine gynanç haty, Ak tamyň adyna yzly-yzyna iberilmegi bir ýagdaýdadyr welin Sionist režimi yzygiderli Ýewropa ýurtlaryndan we ABŞ-dan ýaraglaryň kömegi bilen Gazanyň bigünä halkyna aç-açan genosidi amala aşyrmagyny dowam etdirýär we palestinaly göçürilen çagalar gyşyň agyr şertlerinde doňmak sebäpli ölýärler.

Gaza zolagyndaky Palestina Saglygy goraýyş ministrliginiň soňky hasabatyna görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri bu sebitdäki palestinaly şehitleriň sany, sionist režimiň bu zolaga eden hüjümleri bilen bir hatarda 45,500-den gowrak Palestinliler şehit boldular we 108,000-den gowrak adam ýaralandy.