Siriýanyň Rakka şäherinde ilkinji Amerikan harby bazasynyň gurluşygynyň başlangyjy
(last modified Sat, 04 Jan 2025 08:08:05 GMT )
Jan 04, 2025 13:08 Asia/Ashgabat
  • Siriýanyň Rakka şäherinde ilkinji Amerikan harby bazasynyň gurluşygynyň başlangyjy

Siriýanyň Rakka şäherinde ilkinji Amerikan harby bazasynyň gurluşygy Jolanyň rugsaty bilen başlandy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä Siriýanyň çeşmeleri Amerika ilkinji bazasyny Siriýanyň Rakka şäherinde Tahrir al-Şamyň ýolbaşçylygyndaky Jolaniniň ýaşyl çyrasy bilen gurup başlady.

Şol bir wagtyň özünde harby enjamlary we goldawy göterýän 55 ýük awtoulagyny öz içine alýan ABŞ-nyň harby kerweni, Yragyň Al-Walid serhedinden Siriýanyň çägine girdi.

ABŞ-nyň harby kerweni Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky al-Hasaka we Rakka töwereklerinde ýerleşýän bu ýurduň bazalarynyň harby kuwwatyny we howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen iberildi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) metbugat sekretary "Pat Raýder" hem 900 amerikan esgeri Siriýada hemişelik ýerleşýär we 1100 esger hem bu esgerleri goramak, ulag, tehniki hyzmat ýa-da beýleki operasiýa talaplaryny goldamak üçin wagtlaýyn Siriýada ýerleşdirildi diýdi.