Türkiýäniň parlament başlygy Waşingtonyň Ankara garşy haýbat atmasynyň bes edilmegini nygtady
Türkiýäniň parlament başlygy Bin Aly Ýyldyrym Amerikanyň prezidentiniň Türkiýä garşy gadaganlyklary amala aşyrmak bilen haýbat atmagynyň gaýtawulynda Waşingtonyň Ankara garşy haýbat atmasynyň bes edilmegini nygtady.
Türkiýe milleti Amerikanyň haýbatmalaryndan gorkýandäldir diýip Türkiýäniň parlament başlygy Bin Aly Ýyldyrym aýtdy.
Türkiýäniň parlament başlygy Bin Aly Ýyldyrym sözüniň dowamynda Donald Trampyň türkiýä garşy haýbat atmasy şeýle bir ýagdaýdadyr welin Waşington döwleti 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk harby synanşma baş goşan Fatulla Güleni Amerikada saklap ony goraýandyr diýip nygtady.
mundan ozal Türkiýäniň daşary işler ministri Möwlüt Çawuş oglu hem merikanyň prezidentiniň Türkiýä garşy gadaganlyklary amala aşyrmak bilen haýbat atmagynyň gaýtawulynda Ankara döwleti hiç hili haýbat atylmagyny çydamaz diýip yglan edipdi.