Sep 26, 2018 22:47 Asia/Ashgabat
  • Tramp Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşinde Eýrana garşy toslamalaryny gaýtalady

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň maslahatynda ýadro ýaraglaryň köpelmeginiň öňüne geçilmegi barada agzamak we Eýrana garşy toslamalaryny gaýtalamak bilen bir wagtda gyryş ýaraglara garşy göreşmek ugurda Amerika uly ädimleri ädendir diýip nygtady.

Amerikanyň döwlet baş tutany Donald Tramp sözüniň dowamynda şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň başlygy adynda eden çykyşynda 2018-nji ýylyň Aprelnde Amerika,Fransiýa we Britaniýanyň Siriýa garşy amala aşyran hüjümlerine yşarat edip Fransiýa we Britaniýa döwletlerine eden arkalaşyklary babatly minnetdarlygyny bildirdi.

Tramp Eýran barada hem agzap durmuşky ýagdaýda Eýran Yslam Respublikasy sebitde zorlugy we durnuksyzlygy eksport edýändir we terrorizme goldaw berýändir diýmek bilen ýadro ylalaşygy Eýranyň sebitdäki boluşyna badalga berendir diýip toslady.

Tramp şeýle-de ýadro ylalaşygyň we Eýranyň parahatçylykly ýadro işleriniň halkara derejesinde goldanýanlygyna üns bermezden Amerika Eýrana garşy basyşlary bilen Eýranyň ýadro ýaraglara el-germeginiň öňüni almagyň yzyndadyr diýip toslady.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem Trampyň bu gürrüňleriniň gaýtawulynda bu hilli ýygrenji sözler 21-nji asra dälde orta asra degişlidir diýip nygtady.

Tags